Owganystanynyň prezidenti Türkmenistana sapar eder
TDH-nyň ýazmagyna görä, sapar wagtynda “ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar”.
Neşiriň maglumatyna görä, Türkmenistan goňşy ýurda döredijilikli durmuşyň esaslaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär.
“Elektrik energiýasynyň we suwuklandyrylan gazyň ýeňillikli bahadan iberilmegi, Owganystanyň çäginde durmuş maksatly desgalaryň, hususan-da, saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň gurulmagy, işgärleri taýýarlamakda ýardam berilmegi, ynsanperwer ýükleriniň yzygiderli ugradylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr” diýip, habarda aýdylýar.
Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenler özleriniň Türkmenistana baryp, ata-baba ýurtlaryny görmek, iş gatnaşyklaryny gurmak islegleriniň wiza almak mümkinçilikleriniň aşa çylşyrymlaşdyrylmagy zerarly başa barman gelýändigini aýdýarlar.