NATO parahatçylyk gepleşiklerine owgan hökümetiniň gatnaşdyrylmagyny goldaýar
Owgan hökümeti häzire çenli ABŞ-“Talyban” gepleşiklerinden çetde tutulýar. Bu hem öz gezeginde Kabulyň nägileligini döredýär.
Jeňçiler owgan hökümetini “Günbataryň oýnatgasy” atlandyryp, onuň bilen gönümel gepleşiklere başlamakdan ýüz öwrüp gelýär.
“Owganystanda uzak möhletleýin parahatçylygyň ornaşdyrylmagy üçin owganlaryň, şol sanda hökümetiň hem [gepleşiklere] çekilmegi zerurdyr” diýip, NATO-nyň baş sekretary Stoltenberg Brýusselde Azatlyk Radiosyna interwýu berdi.