Drezdende müňlerçe adam Ikinji jahan urşunyň howa zarbalaryny ýatladylar
Guramaçylar her ýyl geçirilýän bu çäräniň parahatçylygy we raýdaşlygy alamatlandyrmak üçin geçirilýändigini bellediler.
1945-nji ýylyň 13-15-nji fewraly aralygynda britan we ABŞ uçarlary Drezdene yzygiderli howa zarbalaryny amala aşyrypdylar. Hüjümde şähere 3 müň 900 tonna golaý bomba oklanypdy. Hadysada 23 müňden 25 müňe çenli adamyň ölendigi çaklanylýar.
Çärä Wroslawyň, Polşanyň, şeýle-de Britaniýanyň Kowerty şäheriniň wekilleri hem gatnaşdylar.