Orsýetde näbelli adamlar korrupsiýa garşy göreşijini öldürdiler
11-nji fewral agşamy Winogradowa obasynda gazaply urlup-ýenjilen adam birnäçe sagat soň hassahanada öldi diýip, derňew komiteti aýtdy.
Kärdeşleri pida bolany Moskwa oblastyndaky korrupsiýa garşy hereket merkeziniň başlygy Dmitriý Gribow diýip tanatdylar.
Bu guramanyň Moskwadaky bölüminiň başlygy Wiktor Kostromin Gribowa korrupsiýa garşy alyp baran söweşi üçin hüjüm edilendigine ynanýandygyny aýtdy.
Gribow hüjüm edilmezinden birnäçe sagat öň ýerli sudda özüne garşy edilen öňki hüjüm baradaky diňlenişige gatnaşypdyr diýip, Kostromin aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Gribowa dört ýyl mundan öň hem hüjüm edildi. Şonda ýüzi perdeli adamlar onuň maşynyny otlapdy.