ABŞ-ly general Siriýadaky harbylaryň öňümizdäki “hepdeleriň” içinde çykarylyp başlanmagynyň mümkindigini aýtdy
General Josef Wotel (Joseph Votel) anyk senäniň ýurtdaky ýagdaýlara bagly boljakdygyny aýtdy. Siriýada ABŞ-nyň 2 müňe golaý esgeri siriýaly araplaryň we kürtleriň ýaranlygynyň “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň jeňçilerine garşy söweşine ýardam berýärdiler.
Esgerleriň soňky günleriň ýa-da hepdeleriň içinde çykarylyp başlanjakdygy soralanda, ABŞ-ly general: “Belki, hepdeleriň içinde. Emma, ýene-de bu ol ýerdäki ýagdaýlara bagly bolar” diýip, jogap berdi.
Esgerleriň çykarylmagy boýunça dürli, şol sanda biri-birine çapraz gelýän maglumatlar hem orta atylyp başlanypdy. Käbirler harbylaryň eýýäm Siriýadan çykarylyp başlanandygyny hem öňe sürýärler.
Bu aralykda, Wotel ABŞ-nyň goňşy Yrakdaky güýçlerini göz-görtele artdyrjakdygyna ynanmaýandygyny hem belledi. Yrakda Birleşen Ştatlaryň 5 müňe golaý harbylary Bagdadyň “Yslam döwleti” ekstremistik toparyna garşy göreşine ýardam berýärler.