Pentagonyň başlygy Kabula sapar edýär
Ol Waşingtonyň “Talyban” jeňçilerini parahatçylyk gepleşiklerine çekmek ugrundaky tagallalarynyň fonunda, harby kommandirler we owgan resmileri bilen gepleşikleri geçirýär.
Şanahan gepleşikleriň dowamynda ýurduň geljegini, şeýle-de “Talyban” bilen baglaşylmagy mümkin islendik ylalaşygyň mazmunyny owgan liderleriniň özleriniň kesgitlemeli boljakdygyny belläp geçjekdigini duýdurdy.
“Owganystan babatdaky gepleşiklere owgan hökümetiniň hem gatnaşmagy möhümdir” diýip, Şanahan belledi. Şeýle-de, ol: “Owganystanyň geljegini owganlaryň özleri kesgitlemelidir” diýip, sözüne goşdy.
Owganystanda käbirler “Talyban” bilen gepleşiklere garşy çykýarlar. Jeňçi topary-da Kabul hökümetini Günbataryň “oýnatgysy” atlandyryp, onuň bilen dialoga başlamakdan ýüz öwrüp gelýär.
Şanahan ABŞ-nyň Owganystandaky 14 müň esgeriniň sanyny azaltmak boýunça Ak Tamdan görkezmäniň berilmändigini hem belledi. ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky güýçleriniň sanyny ýarpysyna çenli azaltmagy maksat edinýändigi barada maglumatlar peýda bolupdy.