“Talyban” we Hamid Karzaýyň ýolbaşçylygyndaky owgan delegasiýasy “owganara” gepleşiklere başlady
Bu gepleşikler häzirki owgan prezidenti Aşraf Ganiniň hökümeti tarapyndan tankyt edildi.
Russiýanyň hökümeti bu duşuşygy guramalaşdyrmagy ret etdi. Bu gepleşikler düýbi Moskwada ýerleşýän owgan diasporasynyň liderleri tarapyndan geçirilýär.
Muňa garamazdan, Kremliň razylygy bolmazdan, şular ýaly ýokary derejeli duşuşygyň Moskwada geçirilmegine rugsat berilmegi mümkin däl ýaly bolup görünýär.
5-nji fewralda gepleşikler başlandan soňra Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Kremliň “Talybanyň” delegasiýasy bilen duşuşmak planynyň ýokdugyny aýtdy.