Nazarbaýew prezident saýlawlarynyň möhletinden öň geçirilmejekdigini aýtdy
Onuň 5-nji fewralda wideo şekilli eden bu beýanaty, ýurtda wagtyndan öň prezident saýlawlarynyň geçirilmek ähtimallygy baradaky spekulýasiýalaryň ýaýramagynyň yz ýanyna gabat geldi. Bu spekulýasiýalar Nazarbaýew Gazagystanyň Konstitusion Geňeşinden ýurduň konstitusiýasynda prezidentlik wezipesiniň togtadylmagy baradaky bölüm boýunça resmi düşündiriş bermegi sorandan soňra ýaýrady.
Nazarbaýew wideo şekilli beýanatynda özüniň Konstitusion Geňeşden eden talabynyň “häzirki prezidentiň haçan we nähili ýagdaýlarda wezipesinden boşadylyp bilinjekdigini” aýdyňlaşdyrmak üçin edilen “adaty ädimdigini” aýtdy.
Şeýle-de, gazak prezidenti “bu mesele boýunça anyk düşündirişiň ýokdugyny, beýleki ýurtlaryň konstitusiýasynda munuň aýdyň kesgitlenýändigini” hem belledi.