Pompeo ABŞ-Talyban gepleşiklerinde “düýpli ilerlemäniň” gazanylandygyny aýdýar
“[ABŞ-nyň wekili Zalmaý Halylzaddan] ruhlandyryjy habar geldi” diýip,Pompeo 26-njy ýanwarda twitterde ýazdy. “Ol “Talyban” bilen Owganystandaky ýaraşyk boýunça geçirilýän gepleşiklerde düýpli progresiň gazanylandygyny habar berýär” diýip, döwlet sekretary sözüniň üstüni ýetirdi.
Şeýle-de Pompeo Birleşen Ştatlaryň “parahatçylygy gazanmak, Owganystanyň halkara terrorçylygynyň mesgeni bolup galmagynyň öňüni almak hem-de goşunlary yzyna, öýlerine dolap getirmek meselelerine çynlakaý çemeleşýändigini” aýtdy.
Waşington owgan hökümeti we “gyzyklanýan taraplaryň ählisi” bilen işleşýär hem-de “Owganystanyň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny we abadançylygyny güýçlendirmäge çalyşýar” diýip, ol aýtdy.
Pompeonyň bu umytly sözleri ABŞ-nyň weteran diplomaty Halylzadyň “Talyban” bilen Katarda geçirilen altygünlük gepleşiklerde öňegidişligiň gazanylandygy baradaky maglumatynyň yz ýanyndan aýdyldy.
Emma ol twitterde jeňçiler bilen entek gutarnykly ylalaşyga gelinmändiginiduýdurdy we gepleşikleriň basym dikeldiljekdigini hem sözüne goşdy.