ABŞ-nyň wekili Katarda “Talyban” bilen duşuşdy
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň beren maglumatyna görä, Zalmaý Khalilzad 22-nji ýanwarda Dohada “Talybanyň” wekilleri bilen duşuşypdyr”.
Döwlet departamentiniň metbugat wekili gepleşikleriň iki gün dowam edendigini, şeýle-de olara ABŞ-dan ýörite “edara ara toparynyň” hem gatnaşandygyny mälim etdi.
“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid Khalilzad bilen jeňçi toparynyň wekilleriniň arasyndaky gepleşikleriň Dohada 21-nji ýanwarda başlanandygyny aýdyp, beýanat ýaýratdy.
Soňky gepleşikler boýunça owgan hökümeti häzirlikçe hiç hili resmi beýanat bilen çykyş etmedi.
Khalilzad “Talybany” we owgan hökümetiniň araçylaryny gepleşiklere çekmek ugrundaky tagallalarynyň çäginde, golaýda Hytaýa, Hindistana, Pakistana we Owganystana sapar edipdi. Özüniň Twitter hasabynda Khalilzad bu saparlaryň owgan parahatçylyk prosessi üçin şowly bolandygyny aýdyp ýazgy galdyrdy.