Rus sudy Paul Whelanyň azatlyga çykmak arzasyny ret etdi
22-nji ýanwarda Moskwanyň şäher sudy aşaky kazyýetiň 48 ýaşly Whelany deslapky tussaghana ýerleşdirmek baradaky kararyny öz güýjünde galdyrdy.
Suduň höküminden birnäçe sagat öň, Whelanyň rus aklawçysy öz müşderisiniň dekabryň aýagynda tussag edilen wagty onuň ýanyndan gizlin maglumatlaryň çykandygyny, emma olaryň nädip oňa gowşandygynyň, şeýle-de onuň özüniň bu gizlin maglumatlar barada habarynyň bolup-bolmandygynyň anyk däldigini hem belledi.
ABŞ-nyň deňiz güýçleriniň weterany 28-nji dekabrda Federal Howpsuzlyk Gullugy tarapyndan tussag edilipdi. Onuň ABŞ-dan başga, Irlandiýanyň, Kanadanyň we Britaniýanyň hem raýatlygy bar.
Rus resmileri onuň içalyçylykda tutulandygyny aýdýarlar. Eger-de ol günäli tapylsa, oňa 10-dan 20 ýyla çenli türme tussaglygy berlip bilner.
Whelanyň aklawçysy öz müşderisiniň bildirilýän aýyplamalary ret edýändigini belledi.