Berdimuhamedow Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktoryny wezipesinden boşatdy
Berdimuhamedow duşenbe güni geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň dowamynda Amanmedowanyň goýberendigi aýdylýan “kemçilikleri” barada başga goşmaça maglumat bermedi.
Döwlet baştutany beýleki bir karary bilen, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň orunbasary Döwletmyrat Baýmyradowiç Gulmyradowyň üstüne ýükledi.
Türkmenistanda ýokary derejeli resmilere yzygiderli berk käýinç, soňky duýduryş bermek, ýygy-ýygydan täzelemek garaşsyzlyk ýyllarynda adaty bir zada öwrüldi. Şol bir wagtda, ýokary derejeli resmileriň hemmesi soňra uzak gitmän boşadylýan wezipelerine prezidentiň öz karary bilen bellenilýär.