Afinada protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy
Demonsrantlaryň onlarçsysy polisiýa garşy daş böleklerini zyňdylar we feýwerkleri atdylar. Polisiýa göz ýaşardyjy gazy bilen jogap berdi.
Iýun aýynda grek premýer-ministri Aleksis Tsiprasyň we makedon premýer-ministri Zoran Zaýewiň hökümetleri ozalky Ýugoslawiýa döwletiniň adyny Demirgazyk Makedoniýa diýip üýtgetmek boýunça ylalaşyga gelipdiler. Munuň öwezine, Afina Skopýeniň NATO we Ýewropa Bileleşiginiň düzümine girmek tagallalaryny böwetmegini bes etjekdigini aýdypdy.
Grek kanunçykaryjylarynyň bu mesele boýunça debatlaryny 21-nji ýanwarda başlamagyna we şu hepdäniň aýagyna çenli ses bermeklerine garaşylýar.
Şu aýyň başynda, Makedoniýanyň parlamenti ýurduň adyny üýtgetmek boýunça konstitusiýa degişli düzedişleri girizmek boýunça taslamany oňlap, ses berdi.