Hytaýdaky kömür magdanynda bolan partlamada 21 adam öldi
Bu betbagtçylyk 13-nji ýanwarda, Şensi welaýatyndaky Şenmuda, ýurduň kömür-magdan guşagynyň merkezinde boldy diýip, döwlet telewideniýesi we Sinhua habar gullugy habar berdi.
Hökümetiň çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, bu partlamadan 66 magdançy halas edildi.