Russiýa Ýaponiýanyň dawaly adalar baradaky belliklerini tankytlady
Russiýanyň Daşary işler ministrligi 9-njy ýanwarda Ýaponiýanyň ilçisi Toýohisa Kozukini Tokionyň Ýuwaş ummanyndaky dawaly adalaryň Ýaponiýa dolanyp biljekdigi baradaky eden bellikleri boýunça “çagyrandygyny” aýtdy.
Russiýanyň Günorta Kurillar, Ýaponiýanyň hem Demirgazyk Territoriýalar diýip atlandyrýan adalarynyň eýeçiligi babatyndaky jedeller Ikinji Jahan urşuny tamamlamak baradaky resmi parahatçylyk ylalaşygyna gol goýulmagyna böwet bolup gelýär.
Urşuň ahyrynda sowet goşunlary adalary basyp alypdy. Häzir Russiýa bu ýerleri eýelemegini dowam etdirýär.