Kim Tramp bilen ikinji sammiti geçirmäge taýýardygyny aýtdy
Kimiň bu baradaky bellikleri 10-njy ýanwarda hem Hytaý, hem-de Demirgazyk Koreýanyň habar serişdelerinde çap edildi.
Munuň öňýany, Demirgazyk Koreýanyň lideri Pekine eden iki günlük saparyndan soň, özüniň ýörite ýaraglanan otlusy bilen Phenýana ugrapdy.
Bu Kimiň soňky 10 aýyň içinde Hytaýa eden dördünji sapary boldy.
Hytaý Phenýan hökümetiniň ýeke-täk möhüm ýaranydyr.
Kim bilen Trampyň ikinji sammitiniň senesi barada hiç hili maglumat berilmedi.
Şol bir wagtda, Şi Kime Pekiniň Demirgazyk Koreýanyň Tramp bilen nobatdaky sammitini goldaýandygyny aýdypdyr.