Daşkentde ozalky özbek baş prokurory sud edilýär
Diňlenişik 7-nji ýanwarda Daşkendiň Ýunusobod etrap sudunda başlandy.
Ýokary suduň atlandyrylmasyzlygyny soran bir wekili Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde suduň başlanandygyny tassyklady, şol bir wagtda ol diňlenişigiň ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýändigini hem sözüne goşdy.
Baş prokuraturanyň resmi wekili sud diňlenişigi boýunça bata-bat maglumatlaryň çap edilmejekdigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
“Diňlenişik boýunça maglumatlaryň nähili görnüşde köpçülige ýetiriljekdigine sud karar berer” diýip, çeşme belledi.
Kodirow 2018-nji ýylyň fewralynda parahorlyk we wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak aýyplamalary esasynda tussag edilipdi.