Serbler Wuçiçe garşy protest bildirýär, hüjümleri bes etmek talap edilýär
15 müň çemesi protestçi jürlewük çalyp, “Wuçiç, ogry!” diýen şygara gygyryp, “Dönükligi togtat, Konstitusiýany gora we halkyňy golda” diýen şygarlary galgatdy.
5-nji ýanwardaky hökümete garşy protest köp hepde bäri geçirilýän bäşinji demonstrasiýa bolup durýar.
“Beta” habar agentligi kiçiräk protestleriň beýleki ýerlerde, şol sanda günortadaky Kraguýwak, demirgazykdaky Nowyý Sad şäherlerinde evac hem gurnalandygyny habar berdi.
Protestler geçen aý oppozisiýadaky syýasatçy Borko Stefanowiçiň ogrular toparçagy tarapyndan urlup-ýenjilmeginden başlandy. Oppozisiýa partiýalary we guramaçylar Wuçiçi awtoritar bolmakda, onuň dolandyryjy partiýasyny bolsa korrupsiýada aýyplaýarlar. Wuçiç bu aýdylýanlary ret edýär.