Ukrain harby birikmesi ele salnan esgeriň şahsyýetini anyklady
Facebookda ýerleşdirilen wideoda ele salnan esgeriň 128-nji Dag Brigadasyna degişlidigi aýdylýar.
Ukrain harby birikmesi Andriý Kaçynskiýiň azatlyga goýberilmegi ugrunda çäreleri görüp başlandygyny, şeýle-de onuň separatistleriň elinde mahaly kameranyň öňünde zor bilen gürledilendigini belledi.
Separatistleriň gözegçiligindäki media onuň 29-njy dekabrda Donetske girmäge synanyşan pursady ele salnandygyny habar berdi.