ABŞ-nyň goşun generaly Kabula sapar edýär
ABŞ-nyň goşun generaly Mark Milleý owgan liderleri gepleşmek üçin Kabula sapar edýär, diýip Owganystanyň prezidentiniň edarasy habar berdi.
Prezident Aşraf Ghaniniň edarasynyň ýaýradan beýanatyna görä, 3-nji ýanwarda geçirilen iktaraplaýyn gepleşiklerde ABŞ-nyň Owganystandaky strategiýasy we söweşijiler bilen alnyp barylýan Owganystanyň ýolbaşçylygyndaky parahatçylyk prosesine ABŞ-nyň berýän goldawy ara alnyp maslahat edilipdir.
Owganystanyň içeri işler ministri Amrullah Saleh we Goranmak ministri Asadullah Haled, ABŞ-nyň generaly Scott Miller, NATO-nyň we ABŞ-nyň Owganystandaky resmileri maslahata gatnaşypdyr.
Bu gepleşikler ABŞ-nyň Owganystanda 17 ýyl bäri dowam edýän urşuň soňuna çykmak üçin "Talybanyň" we owgan hökümetiniň arasynda gepleşikleri janlandyrmak boýunça alyp barýan tagallalaryna gabat gelýär.