Holliwud ýyldyzy Angelina Joli syýasata girmek ähtimallydygyny ýaňzydýar
Ol syýasata tarap ugur alýarmyň diýlip berlen soraga, özüniň “gerek bolan” ýerine gitjekdigini aýdyp jogap berdi.
Joli 28-nji dekabrda BBC radiosy bilen eden söhbetdeşliginde özüniň Birleşen Milletler guramasynda we beýleki guramalarda işlän wagtynda “hiç bir derejesiz hem köp iş bitirendigini” belledi.
Oskar baýragynyň eýesi bolan 43 ýaşly aktrisa häzir BMG-niň Bosgunlar edarasynda wekil bolup işleýär we aýallaryň jynsy zorlugyna garşy hem kampaniýa alyp bardy.