Indoneziýada suw joşgunynda ölenleriň sany 281 adama ýetdi; gözleg işleri dowam edýär
24-nji dekabrda ekspertler wakada pida bolan adamlaryň sanynyň artmagyna garaşýarlar. Bu tebigy betbagtçylykda 1000-den gowrak adam hem ýaralandy.
“Käbir adamlaryň ýumrulan jaýlaryň we materiallaryň aşagynda galan bolmagy ähtimal” diýip, Indoneziýanyň tebigy betbagtçylyklar boýunça gullugynyň metbugat wekili Sutopo Purwo Nugroho aýtdy.
Indoneziýanyň prezidenti Joko “Jokowi” Widodo waka gynanç bildirip, döwlet edaralaryny betbagtçylyga garşy gyssagly göreşmegi tabşyrdy.
Tsunamy ýurduň Sunda aýlagyna 22-nji dekabr güni giçlik gelip urdy we suw diwary içeri girip, ýüzlerçe jaýy we myhmanhanalary süpürip gitdi diýip, hökümet resmileri we şaýatlar aýtdylar.