Özbegistan, Gazagystan fewralda “ýüpek wiza” programmasyna başlamakçy bolýar
Özbegistanyň syýahatçylyk boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Ulugbek Kosimhojaewiň Daşkentde 20-nji dekabrda žurnalistlere aýdan sözlerine laýyklykda, bu programmanyň maksady regionda syýahatçylygyň ösmegine itergi bermekden ybarat.
Kosimhojaew setbitiň ýene iki döwletiniň – Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň hem geljekde bu programma goşulmaga gyzyklanma bildirendigini aýtdy.
Gazagystan biraz öň Azerbaýjany we Türkiýäni hem “ýüpek wiza” programmasyna goşmagyň üstünde işleýändigini, bu programmanyň soňky bilen Ýewropadaky Şengen wiza sistemasy ýaly işlemeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.
Gazagystan we Özbegistan sebitiň öňdebaryjy ykdysadyýetleri bolup durýar.