BMG-niň ilçisi: Owganystanda parahatçylygy ornaşdyrmak mümkinçiligi ‘häzirkisi ýaly ýokary bolmandy’
Tadamiçi Yamamotonyň belliklerinden öň, owgan “Talybany” Birleşen Arap Emirliklerinde ABŞ-nyň resmileri bilen duşuşandyklaryny aýtdylar. Bu “Talyban” bilen parahatçylyk gepleşiklerine resmi ýagdaýda başlamak ugrundaky möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirildi.
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde eden çykyşynda Ýamamoto regiondaky döwletleri hem parahatçylyk gepleşiklerine “goşant goşmaga” çagyrdy.
“Talyban” ilki ABŞ-a bilen ylalaşyga gelmeýänçä, Kabul hökümeti bilen gepleşikleri geçirmekden ýüz öwrüp gelýärdi.
Birleşen Ştatlary “Talyban” bilen gepleşikleri geçirendigi ýa geçirmändigi barada häzirlikçe resmi çykyş etmedi. Emma, mundan öň ABŞ-nyň ýörite ilçisi Zalmaý Khalilzad “Talyban” wekilleri bilen azyndan iki tapgyr gepleşikleri geçiripdi.