Gürjüstanda müňlerçe adam “ogurlanan saýlawlara” garşy protest geçirýär
Tblisiniň merkezindäki parlament binasynyň öňüne ýygnanan protestçiler irki parlament saýlawlarynyň geçirilmegini we täze saýlaw kanunynyň kabul edilmegini talap etdiler.
Saýlaw resmileri Fransiýada doglan Zurabişwiliniň 29-njy noýabrdaky saýlawlarda sesleriň 59.5%-ni alandygyny mälim etdiler.
Ozalky prezident Mihaýil Saakaşwiliniň esaslandyran “Birleşen Milli Hereket” partiýasynyň ýolbaşçylygyndaky oppozisiýa toparlarynyň dalaşgäri Grigol Waşadze sesleriň 40.5%-ni alypdyr.
Waşadze “ogurlanan” diýip häsiýetlendiren saýlawlaryň netijeleriniň ýatyrylmagyny we irki ähliumumy saýlawlaryň geçirilmegini talap etdi. Ol resmileriň Gürjüstanyň saýlaw ulgamyny gözden geçirip, 16-njy dekabra çenli oppozisiýa bilen gepleşikleri geçirjek işçi toparyny esaslandyrmagyny hem sorady.