Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmenistanda çörek, un gytçylygy dowam edýär, nobata duranlar soraga çekilýär

Türkmenistanda çörek, un gytçylygy dowam edýär. Şu günler döwlet dükanlarynyň öňünde günde ýüzlerçe adam jemlenýär, emma azyk önümleri ýeterlik möçberde satylmaýar.


Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ýagdaýyň hasam agyrdygyny Azatlyk Radiosynyň habarçylary aýdýarlar.


"Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda çöregiň gytçylygy güýçlenýär. Ýüzlerçe, ýüzlerçe adam çöregiň we unuň nobatlaryna düzülýär. Döwlet dükanlaryna günde 100 halta çemesi un getirilýär, ondan köp däl, emma satyn almak isleýänleriň sany has köp bolýar. Bişen çörek bilen bagly ýagdaý hasam ýaramaz ol gaty az getirilýär. Getirilýän çöregiň möçberi nobata duranlaryň dörtden bir bölegine zoran ýetýär" diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy aýdýar.


Onuň sözlerine görä, çörek we un satyn almak isleýänleriň sanawy ýöredilýär, oňa nobata duran adamlaryň atlary ýazylýar.  


"Nobata duranlaryň sanawlary 900-1000 adamy öz içine alýar" diýip, habarçymyz aýdýar. 




Soňky günlerde un we çörek gytçylygy Türkmenistanyň paýtagtynda hem güýçlendi. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, paýtagtda çöregiň, diňe bir döwlet dükanlarynda däl-de, eýsem bazarlarda we hususy söwda nokatlarynda gytalandygyny duýsa bolýar, onuň bahasy hem birden bäş esse gymmatlapdyr.




Türkmenistanda döwletiň garamagyndaky dükanlarda satylýan unuň we çöregiň bahasy döwlet tarapyndan kesgitlenýär. Gytçylykdaky unuň bir kilogramynyň bahasy 2 manat, çöregiň bahasy 1 manat derejesinde görkezilýär. Munuň bilen bir wagtda-da, satuwda bar bolan daşary ýurt ununyň bahasy gitdigiçe ýokarlanýar we käbir halatlarda döwlet nyrhyndan 10 esse ýokary bolýar.


Soňky birnäçe aýyň dowamynda döwletiň gözegçiligindäki dükanlarda unuň ençeme wagtlap satuwda düýpden bolmandygyna garamazdan, adamlar un satyn almak tamasy bilen günde nobatlara düzülmegini dowam etdirdiler.


Oktýabr aýynda Azatlyk Radiosyna Daşoguz welaýatynda döwlet dükanynyň öňünde un satylmagyna garaşýan ýüzlerçe adamdan ybarat nobaty görkezýän wdieo gowuşdy.




Azatlygyň habarçysynyň ýerli kanun goraýjy edaralardaky çeşmelerine salgylanyp aýtmagyna görä, bu wideonyň websaýtymyzda çap edilmeginiň yzýany şol nobatdaky adamlar köpçülikleýin soraga çekilipdir.


"Azyndan 300 adam soraga çekildi. Şonuň üçin häzir nobatda durýanlaryň ellerinden mobil telefonlar alynýar" diýip, adynyň efirde tutulmagyny islemedik çeşmämiz aýtdy.


Türkmenistanyň kanun goraýjylarynyň çörek we un nobatlarynda duran adamlara gözegçilik etmegi barada garaşsyz habar beriş serişdeleri hem habar berýärler.




"Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri" neşri "Çörek ýetmezçiligi dowam edýär, ýörite gulluklar 'dönükleri' gözleýär" atly makalasynda şeýle ýazýar: "Adamlar biri-birine gözegçilik edýärler, hiç kimiň öňe girip, nobaty 'bozmaz ýaly'. Tertip-düzgüne polisiýa işgärleri, şeýle-de raýat geýimli howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri berk gözegçilik edýärler" diýip, neşir ýazýar.




Maglumatda ýörite gulluklaryň esasy maksadynyň nägilelik bildirýänleri we häkimiýete närazylyk görkezýänleri anyklamakdan, aýratyn-da dükanlaryň öňündäki nobatlary öz telefonlaryna surata düşürmäge synanyşýanlary gözlemekden ybaratdygy bellenýär. 


Türkmenistanda un gytçylygynyň emele gelmegine bir ýyla golaý wagt boldy. Şol döwrüň dowamynda döwlet nyrhyndan satylýan un we çörek söwdasynda ilat üçin çäklendirmeleriň birnäçesi girizildi, hususan-da satylýan harydyň möçberi çäklendirildi, käbir regionlarda çörek pasport boýunça satyldy, käbir regionlarda un gytçylygy ilat arasynda açyk närazylyk döretdi. 







 


Häzirki wagtda döwlet dükanlarynda un alyjylara çäkli möçberde satylýar. Hususan-da, Daşoguzda we Lebapda satylýan unuň mukdary her adam başyna 5 kilogramdan geçmeýär.


Türkmenistanda unuň we çöregiň gytçylygynyň, şeýle-de azyk harytlarynyň gymmatlamagynyň fonunda mätäçlik çekýän, dilegçilik edýän ýa-da zir-zibilleri dörýän adamlar köp göze ilýär.


Emma Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurt ilatynyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny açyk agzamaýar, ykdysady krizisiň fonunda milli habar beriş serişdelerine ykdysady ösüşleri wagyz etmegi yzygiderli tabşyrýar. Ýaňy-ýakynda türkmen metbugaty türkmen telekeçileriniň çörek önümlerini daşary ýurtlara satmaga taýýarlanýandygyny habar beripdi.

Ria.city
Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net