Türkmenistan Özbegistandan oba hojalyk tehnikalaryny satyn alar
Bu baradaky degişli karara prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gol goýdy.
Dokumente laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrligine Türkmenistanyň prezidentiniň 2017-nji ýylyň 6-njy martynda çykaran 88-nji Kararyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşan şertnamasyna goşmaça ylalaşygy baglaşmaga ygtyýar berildi.
Resmi maglumatda munuň bilen baglylykdaky bahalar mälim edilmedi.