Orsýet: Döwlet raketa firmasynyň başlygy saç bejerýän gyzyna 'pul akdyrýar'
Garaşsyz neşir bolan “Novaya Gazeta” 7-nji noýabrda raketa korporasiýasynyň direktorynyň 29 ýaşyndaky gyzynyň biznesde uly aksiýalarynyň bardygyny, sebäbi onuň döwlet eýeçiligindäki guramanyň alýan girdejilerinden uly peýda görýändigini habar berdi.
Makalada aýdylmagayna görä, KTRV-nyň direktory Boris Obnosowyň gyzy Olga Zorikowa toýlarda we moda görkezilende grimçi we saç bejeriji bolup işleýär, emma ol çylşyrymly eýeçilik gurluşlary arkaly Zvezda-Strela adynda TRV-Engineering kompaniýasynyň 20 prosentine eýeçilik edýär.
Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow 7-nji noýabrda žurnalistlere hökümetiň bu makaladan habarlydygyny, eger gyzyklanma döretse, oňa kanun goraýjy guramalaryň seretjekdigini aýtdy.
Peskow makalanyň mazmunyna aralaşmady, emma adamlaryň "essasyz jarnamalara ynanyp ýörmeli däldigini" öňe sürdi.