Facebook ABŞ resmileriniň duýduryşyndan soň 115 hasaby togtatdy
Mundan öň, ABŞ-nyň howpsuzlyk gulluklary 6-njy noýabrda geçiriljek saýlawlar bilen baglylykda Russiýanyň, Eýranyň we beýleki döwletleriň sosial ulgamlarynda ýalan maglumatlary ýaýratmak synanyşyklaryndan ägä bolmaga çagyrypdylar.
Geçen hepde çap bolan hasabatda 6-njy noýabrdaky saýlawlaryň öňüsyrasynda sosial ulgamlarynda ýalan maglumatlary paýlaşmak depgininiň 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlaryňkydan hem has güýçlüdigi bellenipdi.