Saud Arabystanynyň baş prokurory türkiýeli kärdeşi bilen Haşoginiň öldürilmegini maslahat edýär
Türkiýe Haşoginiň öldürilmegi bilen ilteşikli Saud Arabystanynda tussag edilen 18 sany saud arabystanlynyň ekstradisiýa edilmegini isleýär. Haşogi 2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsulhanasyna girenden soň öldürilipdi.
Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir günäkärleriň şalykda sud ediljekdigini aýtdy.
“Anadolu” habar agentligi al-Mojebiň Türkiýäniň baş prokurory Irfan Fidan bilen duşuşmak üçin 29-njy oktýabrda Stambulyň sud binasyna gelendigini habar berdi. Şeýle-de, habar agentligi saud arabystanly prokuroryň konsulhanada hem derňew geçirjekdigini mälim etdi.