Paşiniýan ABŞ-ermeni gatnaşyklarynda täze mümkinçilikleriň bardygyny aýdýar
“Ermeni-ABŞ gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak üçin hakyky mümkinçilikleriň bardygyna ynanýaryn. Biz bu mümkinçiliklerden peýdalnamaga taýýar” diýip, Paşiniýan özüniň Facebook hasabynda ýazgy galdyrdy.
Ermenistanyň Russiýa bilen uzak ýyllardan bäri ýakyn gatnaşyklary bardy. Emma, bu gatnaşyklaryň geljegi maýda häkimiýet başyna Nikol Paşiniýan geçenden soň sorag astyna düşdi.
Bolton Ermenistana 24-nji oktýabrda geldi. Mundan öň, ol Azerbaýjanda saparda bolup, dawaly Daglyk-Garabag sebiti bilen bagly konflikti maslahat edipdi.
Bolton Bakuwda azeri prezidenti Ylham Aliýew we daşary işler ministri Elmar Mammadýarow bilen geçiren gepleşiklerinden soň, Waşingtonyň konfliktiň parahatçylyk ýollary bilen çözülmegi ugrundaky goldawyny dowam etdirjekdigini aýtdy.
Aglaba etniki ermenleriň ýaşaýan Daglyk-Garabag sebiti 1988-94-nji ýyllar aralygyndaky uruşda özüniň Azerbaýjandan garaşsyzlygyny yglan edipdi.