Medwedýew: Käbir ukrain harytlary Russiýa import edilmez
Kaliningradda eden çykyşynda Medwedýew häzirki wagt sanksiýalara düşjek ukrain raýatlarynyň we kompaniýalarynyň sanawynyň taýýarlanýandygyny aýtdy.
“Sanksiýalar Ukrainanyň belli şahsyýetleriniň köpüsine öz täsirini ýetirer... Şeýle-de ukrain önümleriniň belli-belli görnüşleri Russiýa Federasiýasyna import edilmez” diýip, rus premýer-ministri belledi.
Medwedýew bu baradaky degişli dokumentlere “juda gysga wagtyň içinde” gol goýjakdygyny hem sözüne goşdy.