Aşgabatda ABŞ-Türkmenistan konsultasiýalary geçiriler
Türkmenistan tarapyndan 2010-njy ýylda inisirlenen bu konsultasiýalar soňky gezek 2015-nji ýylda Waşingtonda geçirilipdi.
Saparyň dowamynda ABŞ resmisiniň ýokary derejeli türkmen emeldarlary bilen hem gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.
Maglumata görä, bu ýylky konsultasiýalarda beýleki meseleler bilen bir hatarda regional howpsuzlygy, söwda-ykdysady gatnaşyklary, adam hukuklarynyň goralmagynyň üpjün edilmegi hem maslahat ediler.