Owgan resmileri: ses berijileriň gatnaşyk derejesi "Talybanyň" ret edilýändigini görkezýär
Owganystanyň baş resmileri dynç günlerinde geçirilen parlament saýlawlarynda ses beren raýatlara minnetdarlyk bildirdiler we ilatyň gatnaşyk derejesiniň olaryň "Talyban" toparynyň ideologiýasyny ret edýändigini görkezýändigini bellediler.
Saýlawlaryň dowamynda zorluklar we guramaçylyk problemalary ýüze çykdy.
"Talyban gan döküşikligi döretmek isledi, emma "Talyban" ýeňildi we "Talybanyň" pikirleri we ideýalary ret edildi" diýip, Owganystanyň ýerine ýetiriji baş dolandyryjysy Abdulla Abdulla 22-nji oktýabrda hökümet maslahatynda aýtdy.
Saýlaw resmileriniň aýtmagyna görä, Owganystanda iki günüň dowamynda 4500 saýlaw nokadynda geçirilen saýlawlara söweşijileriň gyrgynçylykly hüjümlerine garamazdan, hasaba alnan 8.8 million ses berijiden 4 million çemesi gatnaşdy.
"Talyban" topary parlamentiň aşaky öýüniň düzümine girmäge dalaş eden 2500 kandidata bäsdeşlikden çekilmek barada ençeme duýduryş berdi, ilatdan öýlerinde galmagy talap etdi.
Ýurduň häkimiýetleriniň ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmek ukybyna synag bolan saýlawlaryň deslapky netijeleriniň 10-njy noýabrda yglan edilmegine garaşylýar.