‘Al-Kaýda’ bilen ilteşikli jeňçiler ‘Eýranyň üstünden gadagan edilen harytlary eksport etdiler’
AFP we Reuters habar agentlikleriniň maglumatyna görä, mart aýyndan bäri bikanun kömür Eýranyň portlaryna eltilip, ol ýerde hem “Eýranyň önümi” hökmünde täzeden gaplanypdyr.
2012-nji ýylda BMG “Al-Kaýdanyň” Somalidäki şahamçasy “Al-“Şabaab” jeňçi toparynyň kömürden edinýän girdejilerini togtatmak üçin, bu magdanyň importyny gadagan edipdi.
BMG-niň maglumatlaryna görä, gadagançylyga garamazdan 2017-nji ýylda Somali eksport üçin kömrüň 3.6 million haltasyny öndürip, 7.5 million dollar möçberinde hem girdeji edinipdir.