Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmenistanda millionlarça nahal ekilýär, emma agaçlar azalýar

Türkmenistanda millionlarça nahal ekilýär, emma agaçlar azalýar diýip, ýurt ýaşaýjylary hasap edýärler. 


Häzirki wagtda, hususan-da Aşgabatda jaý gurluşygynyň 14-16-njy tapgyrynyň durmuşa geçirilişi bilen baglylykda Köşi massiwinde 100 ýyllyk agaçlar çapylýar. Şeýle-de, häkimiýetleriň golaýda ýerleşýän Botanika bagyny ýumurmak plany barada sentýabrda mälim boldy.


Azatlyk Radiosy bilen efirde adynyň tutulmazlyk şerti bilen söhbetdeş bolan Aşgabadyň ýaşaýjysy agaçlaryň çapylmagy zerarly dörän boşlugyň gür ilatly etrapçalarda has duýulýandygyny aýtdy. 


"Häzir aýylganç ýagdaý göze ilýär. Asfalta we betona gaplanan baraklar. Tomsuna hereket etmek mümkin däl. Şu ýylyň iýulynda hatda Türkmenistan üçin hem anomal yssy we adam ölümi köp boldy. Tomus paýtagtda diňe kondisionerli oňaýlykly awtoulagynda hereket edip bolýardy" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy aýtdy. 




Şol bir wagtda-da, soňky 20 ýylyň dowamynda Türkmenistanda her ýyl millionlarça nahal ekilýär. Olary guramaçylykly ekmek boýunça ýowarlar tutuş ýurt boýunça köpçülikleýin häsiýetde ýylda iki gezek dabaraly ýagdaýda we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilýär.     


Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, şeýdip "täze reallyk döredilýär". 




"Ýurt dünýäniň iň uly çölleriniň we yssy güneşleriniň birinden gök oazisleriň, ajaýyp baglaryň we gür tokaýlyklaryň mekanyna öwrülip barýar, olar täzelenmegiň we ösüşiň janly simwoly bolup durýar" diýip, döwlet mediasy habar berýär.      


Emma Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, häkimiýetleriň ýurdy "baga öwürmek" syýasatynyň netijesinde paýtagt öz ösümlikleri bilen bilelikde gök şäheriň keşbini doly ýitirdi. 


"Aşgabadyň merkezi köçeleriniň ugrunda agaçlaryň depesi öň birigip, gök toneli emele getirýärdi. 30-njy mikroraýon örän gökdi. Men 3-nji mikroraýonda ýaşapdym we ol tutuşlygyna gök etrapdy"  diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy gürrüň berýär. 


Häkimiýetler häzir ýaşaýyş jaýlaryň daşyndaky ösümlikleri ýok etmek bilen bir wagtda ýaşaýjylaryň özbaşdak agaç ekmegini hem gadagan edýärler.    




"Öň Aşgabat ösümliklere bürenip otyrdy. Jaýlaryň birinji gatynda jaý almak örän amatlydy, ekin ekip bolýardy. Adamlar jaýlaryň arasynda-da meýletin uly agaçlary we gyrymsy agaçlary ekýärdi. Oturgyç goýup, agşamlaryna adamlar oturýardy, gepleşýärdi, çagalar oýnaýardy. Yssy howa has aňsat geçirilýärdi, pozitiw energetika bardy" diýip, söhbetdeşimiz belleýär. 


Agaçlaryň köpçülikleýin çapylmagy 1990-njy ýyllaryň aýagynda başlandy. Esasan ýurduň klimatyna çydamly gür saýaly agaçlar ýok edildi. 


Emma ýerli synçylaryň pikirine görä, Aşgabatda ösüp oturan agaçlary köpçülikleýin çapmak boýunça işleriň iň gyzgalaňly döwri 2015-2017-nji ýyllara düşüpdir. 




"Hakyky aýylgançlyk häzirki prezidentiň döwründe başlandy. Hem köne, hem-de täze parklarda ýaprakly agaçlary köpçülikleýin çapyp başladylar, howpsuzlyk sebäpli içi görüner ýaly etdiler. Galan sosna we ýaprakly agaçlaryň aşaky şahalaryny kesip taşladylar. Olaryň şahalarynyň ýokara süýndürdiler, şeýdip, olaryň berýän saýasy hem azaldy. Balkanabatda we beýleki şäherlerde garagaçlary kynlyk bilen köwüp gopardylar" diýip, söhbetdeşimiz aýdýar.


Resmi maglumatlara görä, 2018-nji ýylyň agaç ekişlik kampaniýasynyň dowamynda jemi 3 million agaç ekilmeli. Olaryň ýarysy paýtagtda we onuň daşynda, galanlary beýleki welaýatlaryň merkezleriniň we şäherleriniň daşynda ekilmeli edildi. Olaryň esasan hwoýa we miwe agaçlary boljagy aýdyldy.  




Agaçlar ýylda iki gezek bahar we güýz möwsüminde ekilýär. Şu ýylky birinji tapgyrda martda tutuş ýurt boýunça 445 müňden gowrak agaç ekilipdir, şonda ýowara 377 ýarym müň adam gatnaşypdyr. Aşgabatda 198,2 müň nahal ekilipdir.


Remi metbugatyň çap eden bu sanlaryndan çen tutulsa, häkimiýetleriň şu ýyl ekmegi göz tutuýan 3 million agajynyň diňe altyndan bir bölegi ekilipdir we galan 2 ýarym milliony güýzki ýowarda ekilmeli. 


Ozalky ýyllaryň tejribelerine görä, güýzki ýowar oktýabr aýynda geçirilýär. Emma onuň şu ýyl geçiriljek wagty entek köpçülige mälim edilmedi.


Agaçlary ekmek we olara ideg etmek boýunça işler ministrliklere, pudak edaralaryna we ýaşaýyş nokatlaryň häkimliklerine tabşyrylýar. Resmi maglumatlarda ekmek üçin agaçlaryň satyn alynmagynyň we olary idemegiň maliýe çeşmeleri mälim edilmeýär. 




Şol bir wagtda-da, ençeme ýyl bäri ýurduň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri ýowarlara çekilýärler, şeýle-de olaryň zähmet hakyndan agaç satyn almak we baglara ideg etmek üçin pul saklanýar. Häzirki wagtda ideg üçin saklanýan puluň möçberiniň edara görä tapawutlanyp, 5-15 manat aralygyndadygyny Azatlygyň habarçylary aýdýarlar.


Martdaky ýowaryň öňüsyrasynda habar berilişine görä, döwlet edaralarynyň işgärlerinden agaç satyn almak üçin her adamdan 10 manat möçberinde pul toplanypdyr. 


Ýerli synçylar öňden bar bolan agaçlaryň köpçülikleýin çapylýarka, ekilýän täze agaçlaryň kök urman gurap galýandygyny belleýärler we munuň sebäbiniň olara kadaly idegiň edilmeýändigi, olaryň wagtynda suwarylmaýandygyny, şeýle-de olary ekmek boýunça düzgünleriň berjaý edilmeýändigi bilen baglydygyny aýdýarlar.


Şol bir wagtda-da, Türkmenistanda agaç ekişligi we ýowarlaryň alnyp barylyşy döwlet baştutanyň yzygiderli we dynuwsyz üns merkezinde galýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi mediasy habar berýär. 


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net