Keniýada bolan awtobus heläkçiliginde azyndan 50 adam öldi
Şaýatlaryň aýtmaklarynda görä, 10-njy oktýabrda bolan ýol hadysasy ýapgyt ýoldan aşak inýän awtobusyň ýoldan çykmagy netijesinde boldy diýip, "Daily Nation" gazeti habar berdi.
Keniýa Gyzyl hajynyň regional ýolbaşçysy Nikolas Kemboý paýtagt Naýrobiniň 200 km çemesi demirgazygynda bolan hadysada maşynyň sürüjisiniň kontrollygy ýitirendigini aýtdy.
Ol awtobusda 52 adamyň bolandygyny, ölenleriň arasynda çagalaryň hem bardygyny aýtdy.