Khan Pakistanyň ‘dost ýurtlaryndan’ we HWF-dan maliýe hemaýatyny sorajakdygyny aýdýar
Khanyň bu çykyşyndan soň, pakistan hökümetiniň karz üçin Halkara Walýuta Fondy bilen birlikde, Saud Arabystanyna we Hytaýa ýüz tutjakdygyna garaşylýar.
Mundan öň, Pekin bilen Riýadh Pakistana maliýe hemaýatyny beripdiler.
Khan Pakistanyň häzirki hasap defisitiniň rekord derejä, ýagny 18 million dollara ýetendigini mälim etdi. Mundanam başga, geçen aý ýurduň daşarky walýuta ätiýaçlyklary 8.4 milliard dollara çenli aşak düşdi.