Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Ýarym resmi türkmen habar agentligi benziniň gymmatlajagy hakyndaky habara ýalan diýýär

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanky çeşmeleriniň ýurtda benziniň gymmatlamagyna garaşylýandygy barada beren maglumatlarynyň yzýany ýarym resmi türkmen habar agentligi "Turkmenportal" bu habary ret edip makala çap etdi. 


"Türkmenistanda benziniň gymmatlajagy hakyndaky myş-myşlar ýalan bolup çykdy" diýip Türkmenportal agentligi "Türkmennebitönümleri" döwlet kompaniýasynyň resmisine salgylanyp, ýazýar.    


​"Türkmenistanda nebit önümleriniň, hususan-da benziniň we dizeliň dürli markalarynyň bahasyny galdyrmagyň planlaşdyrylýandygy hakyndaky informasiýa - hakykat däl" diýip, neşir "Türkmennebitönümleri" kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Gurbanmyrat Saparowy sitirleýär. 


​4-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy adynyň efirde tutulmagyny islemedik resmi çeşmelerine salgylanmak bilen, ýurtda benziniň gymmatlamagyna garaşylýandygyny habar beripdi.


"Benziň bahasynyň iki esse galmagy mümkin. A-95 markaly benziniň bir litriniň bahasy 1.5 manatdan 3 manada ýeter. A-80 markaly benziniň bir litri 1.2 manatdan 2.5 manada çenli gymmatlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gizlinlik şerti bilen söhbetdeş bolan Balkan welaýatyndaky resmi çeşme aýtdy.


Emma Azatlyk Radiosy dizel ýangyjyny gymmatlatmak barada "Türkmenportal" neşriniň maglumatynda "Türkmennebitönümleri" edarasynyň resmisi Saparow tarapyndan agzalan plan barada habarly däldi. Azatlygyň çeşmeleri dizeli agzamandy.




Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň içindäki öz çeşmeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksatly olaryň atlaryny agzamakdan saklanýar we olaryň gizlinlik şertlerini doly berjaý edýär 


Öz tarapyndan "Türkmenportal" neşri benziniň gymmatlamagynyň garaşylýandygy hakynda habar berýän saýtlaryň öz maglumatlaryny tassykladyp bilmändigini we şonuň üçin özüniň "kompetent organlaryna" ýüz tutandygyny ýazýar. 


Azatlyk Radiosy dogrudanam öz çeşmeleriniň beren maglumatlaryny türkmen häkimiýetlerinden resmi derejede tassykladyp, ýa-da inkär etdirip bilmedi. Olar köplenç Azatlyk Radiosy bilen gepleşmekden çürt-kesik ýüz öwürýärler ýa-da özlerine berlen soraglary jogapsyz galdyrýarlar. 


5-nji oktýabrda Azatyk Radiosy "Türkmennebitönümleri" guramasynyň başlygynyň orunbasary Gurbanmyrat Saparowyň özi bilen habarlaşmaga synanyşdy.


"Türkmennebitönümleri" guramasynyň telefon arkaly habarlaşmak üçin ýeke-täk elýeterli edarasynyň hil gullugydygy anyklandy. Bu ýerde baş edaranyň ýolbaşçylary, şol sanda Saparow bilen gepleşmek üçin mümkinçilik döretmegi wada berdiler, emma gaýtadan jaň etmegi sorap, soň jogap bermediler.




Şol bir wagtda-da "Turkmenportal" saýtynyň habar berişi ýaly Saparow şeýle maglumatlaryň döremeginiň düýp sebäplerini hut özüniň anyklajagyny aýdypdyr.


"Uprawleniýäniň ýolbaşçysy, eger şeýle ýalan maglumatlary ýaýradýan taraplar aýdan zatlaryna haýsy-da bolsa subutnamalary berseler, hut özüniň şeýle nädogry maglumatlaryň döremeginiň düýp sebäpleriniň anygyna ýetjekdigini aýtdy" diýip, "Turkmenportal" habar beripdi.


Neşriň sitirlän resmisi Azatlyk Radiosy bilen gepleşmek üçin elýeterli bolmady, emma şu aralykda onuň Azatlygyň adyna aýdan gödek sözleri "Turkmenportalyň" makalasyndan aýrylypdyr. 


Şeýle-de, bu resminiň benziniň gymmatlamagyna garaşylýandygy baradaky maglumatlary ret edip, öňe süren pikirlerinde "ýurduň ykdysadyýeti üçin strategik we duýguly harytlaryň bahalaryny galdyrmak boýunça kararlaryň birden kabul edilmeýändigi" bellendi.


Ýatlatsak, Türkmenistanda benziniň bahasy soňky on ýyla golaý wagtyň dowamynda ençeme gezek we ençeme esse gymmatlapdy, emma bu barada ne öňünden, ne-de soňundan resmi taýdan ilata habar berlipdi. 


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçen badyna ýurduň ilaty üçin belli bir möçberde mugt benzin beripdi, emma şonda satuwdaky benziniň bahasy 8 esse gymmatladylypdy. Benzin mugtçulygy 2014-nji ýylda doly ýatyryldy.


Türkmenistanda benziniň bahasy soňky gezek fewralda 50% gymmatlapdy. Beniniň gymmatlamagyndan soň ýurtda ýangyç gytçylygy döräpdi, jemgyýetçilik transportynyň, hususy taksileriň, harytlaryň bahasy galypdy. 


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net