Tramp binasyndaky duşuşyklar, Kreml intrigalary bilen ilteşikli prokuror dikuçar heläkçiliginde öldi
Rus mediasy 4-nji oktýabrda Orsýetiň baş prokurorynyň orunbasary Saak Albertowiç Karapetýanyň Kostroma regionyna uçup barýan wagtynda, dikuçary tokaýa ýykylyp, 3-nji oktýabrda ölendigini habar berdi.
Orsýetiň “Interfax” habar gullugy Karapetýany alyp barýan dikuçaryň Wonişewo obasynyň golaýyndan tapylandygyny, dikuçaryň pilotynyň we onuň ýanyndaky üçünji adamyň hem heläk bolandygyny habar berdi.
58 ýaşyndaky Karapetýan, aýdylmagyna görä, prezident Wladimir Putiniň buýruklary esasynda iň aýylganç ýumuşlaryň ýerine ýetirilmegi bilen ilteşikli hasaplanýar.