Nobel parahatçylyk baýragy zorlananlary bejeren lukmana we YD-nyň zorlama pidasy bolan ýazidi zenanyna berildi
Olar bu baýraga hödürlenen 331 kandidatyň arasyndan seçilip alyndy.
Mukwege öz uly ýaşdaky ömrüniň köp bölegini Kongo Demokratik respublikasynda toparlaýyn zorlanmalaryň pidasy bolanlara ýardam bermek, müňlerçe näsagy bejermek we olaryň goragynda durmak bilen geçirdi.
Murad – Yrakdaky “Yslam döwleti” toparynyň zorlama we basgylama praktikasynyň pidasy bolan 3 müň çemesi ýazidi gyzlarynyň biri bolup, özüne we beýlekilere garşy edilen sütem barada açyk çykyş etdi.