Ermenistanyň parlament ýolbaşçylary täze saýlawlary bökdemejegini aýdýar – Paşinýan
Ol bu sözleri 3-nji oktýabr güni irden, öten agşam kanun çykaryjylar we Ýerewandaky parlament binasynyň işigine toplanan we täze saýlawlary talap edýän müňlerçe goldawçysy bilen duşuşandan soň aýtdy.
Ermenistanyň Konstitusiýasy, Milli Assambleýa, Paşinýanyň diňe birnäçe orna kontrollyk edýän ýeri, diňe premýer-ministr işden çekilen we kanun çykaryjylar iki hepde içinde onuň ýerine hiç kimi saýlap bilmedik ýagdaýynda sökülip bilinýär.