Eýranda arakdan zäherlenen 24 adam öldi
Ölenleriň sanynyň iň kän bolan ýeri günortadaky port şäheri Bandar Abbas bolup, bu ýerde, ýarym resmi ISNA gullugynyň maglumatyna görä, spirtli içgilerden 16 adam öldi.
“Spirtli içgilerden zäherlenendigi sebäpli hassahana ýerleşdirilen adamlaryň sany häzire çenli 168-e baryp ýetdi” diýip, neşir welaýatyň medisina mekdebiniň sözçüsi Fatemeh Norouziana salgylanyp habar berdi.
“Gynansak-da, olaryň 16-ysy ýogaldy, sekiz sanysy bolsa agyr ýagdaýda” diýip, Fatemeh Norouzian aýtdy.
Bandar Abbasyň polisiýa başlygyEsmail MashayekhISNA habar gullugyna likýor öndürmekde güman edilen är-aýalyň tussag edilendigini, olaryň içgileri ýerleşdirijisi diýip güman edilýän adamyň hem saklanylandygyny aýtdy.
Hökümetiň IRNA habar gullugy adatdan daşary ýagdaýlar resmisine salgylanyp, spirtli içgilerden zäherlenmekden 264 adamyň ejir çekendigini, olaryň birnäçe welaýatda, şol sanda Hormozgan we Demirgazyk Horosan welaýatlarynda hassahanalara ýerleşdirilendigini habar berdi.