Türkmen prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisine gatnaşyp, ABŞ işewürleri bilen duşuşar
Neşiriň bellemgine görä, Türkmenistanyň“wekiliýetiniň Nýu-Ýorka saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň çäklerinde duşuşyklar meýilleşdirildi”.
Türkmen mediasynyň maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli Türkmenistanda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 2573,43 million amerikan dollaryna we 0,3 million ýewro bolan 156 taslama hasaba alyndy.
Orsýetde çap edilýän “Nezawisimaýa gazeta” bu sapar bilen bagly çap eden makalasynda ýurduň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini ýatlatdy we türkmen prezidentiniň Waşington üçin “gyzykly teklip” taýýarlap, ABŞ-dan inwestisiýa almakçy bolýandygyny öňe sürdi.