Indoneziýa: Ýertitreme we suw joşguny sebäpli 400-e golaý adam öldi
Resmiler häzire çenli ölen adamlaryň 384 bolandygyny, olaryň ählisiniň suw joşgunynyň pidasydygyny we pidalaryň sanynyň artjaga meňzeýändigini aýtdylar.
28-nji sentýabr agşamy, 350 müň çemesi adamyň ýaşaýan ýerinde bolan 7.5 magnitýudly ýer yranmasyndan soň, Paluny 2 metre çenli ýokary galan tsunamy süpürip geçdi.
Ýerli telewideniýe stansiýalaryndan efire berlen öwrenje wideolary suwuň Palu şäheriniň kenar ýakalaryndaky jaýlara gelip urşuny, ýük konteýnerlerini dargadyşyny we metjidi sil alşyny görkezdi.
"Pidalaryň jesetleri birnäçe ýerden tapyldy, sebäbi olar ýa ýykylan binalaryň aşagynda galdy, ýa-da tsunaminiň zarbyna akyp gitdi” diýip, betbagtçylyk howpuny kemeltmekboýunça milli agentligiňsözçüsi Sutopo Purwo Nugroho aýtdy.