Döwlet departamenti: Dünýädäki terror hüjümleriniň sany üzül-kesil azaldy
Amerikan ekspertleriniň maglumatyna görä, geçen ýyl dünýäde 8584 terror hüjümi edildi, bu ondan öňki ýyldakydan 23 prosent az bolýar. Terror hüjümleri netijesinde 19 müňe golaý adam öldürildi.
Şol bir wagtda, ýüz ýurtda terror hüjümleriniň bolandygy bellenildi. Terror hüjümleriniň iň ýygjam bolan ýurtlarynyň merkezinde bäş ýurt - Owganystan, Yrak, Hindistan, Pakistan we Filippinler durýar.
Terror hüjümlerinden iň köp ejir çeken ýurt Owganystan bolup, bu ýerde 4672 adam öldürildi.
Döwlet departamentiniň wekili Neýtan Seýls hasabatyň prezentasiýasynda, YD terror guramasynyň söweşijileriniň garşysyna geçirilen üstünlikli operasiýalar netijesinde, Yrakdaky ýagdaýyň durnuklaşandygyny aýratyn belledi.
Terrorçylyga howandarlyk edýän ýurtlaryň hataryna Eýran, Demirgazyk Koreýa, Sudan we Siriýa goşuldy. Eýran hasabatda dünýämiň dürli ýerlerinde hereket edýän terror toparlaryny iň aktiw penalaýjy diýip atlandyryldy.