ABŞ Hytaý önümlerine garşy täze tarifleri girizdi
ABŞ öňümizdäki hepdeden başlap Hytaýyň 200 milliard dollarlyk harytlaryna tarifleri girizer.
Täze import paçlary 6 müň töweregi haryda, şol sanda el torbalaryna, tüwä we tekstil önümlerine garşy giriziler.
Mundan öň, Hytaý ABŞ-nyň şu ýylyň başyndaky has irki tariflerine jogap edip, ABŞ-nyň oba-hojalyk önümlerine öz tariflerini girizipdi.
Hytaý giriziljek tariflere garşylyk çäreleri bilen jogap berjekdigini duýdurypdy.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp soňky tarifleriň Hytaýyň “ynsapsyz söwda tejribeleri” diýen kesgitlemesi üçin girizilendigini, şeýle-de ABŞ araçylarynyň bu ugurda gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny aýtdy.