Berdimuhamedow GDA liderleriniň Geňeşine orunbasaryny ýollaýar
Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mälim edildi.
GDA-nyň nobatdaky Geňeşi 28-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçer. Onda gurama başlyklyk etmek nobaty Täjigistandan Türkmenistana geçiriler.
Ýatladyp geçsek, resmi Aşgabat Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk statusyna esaslanyp, 2005-nji ýylda GDA guramasynda assosirlenen agza hökmünde galmagy saýlap alypdy.
Türkmenistan 2012-nji ýylda hem GDA guramasyna başlyklyk edipdi.