Siriýada alty ýyldan gowrak wagt içinde birinji ýezek ýerli saýlawlar geçirilýär
40 müňe golaý kandidat ýerli adminstrasiýa geňeşlerindäki 18,500 çemesi orun üçin dalaş edýär diýip, SANA habar gullugy 16-njy sentýabrda habar berdi.
Telewideniýe paýtagt Damaskdan, kenarýaka welaýatlar bolan Tartusdan we Latakiden, şeýle-de gündogardaky Deýr al-Zordan saýlaw reportažlaryny görkezdi.
Ýerli adminstrasiýa ministri Hussein Makhlouf siriýalylary köpçülik bolup saýlawa gatnaşmaga hem-de dünýä “Siriýanyň halkynyň terrorçylygyň garşysynda birleşendigini we şeýle hem galjakdygyny görkezmäge” çagyrdy.
Hökümet kontrollygyndan daşardaky ýerlerde, şol sanda kürtleriň elindäki demirgazyk-gündogar sebitlerde, demirgazyk-günbatar sebitde esasan yslamçy ýaranlygyň kontrolynda ýerleşýän Idlibde ses berişlik geçirilmeýär.