ABŞ Ukrainanyň gündogaryndaky separatistleriň ‘saýlawlaryny’ ýazgardy
“ABŞ ‘Donetsk we Luhansk Halk respubliklary’ diýilýänlerde ‘saýlawlary’ geçirmek planlaryny ýazgarýar” diýip, döwlet departamentiniň metbugat wekili Heazer Nauert beýanat bilen çykyş etdi.
8-nji sentýabrda Ýewropa Bileleşiniň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogherini hem 11-nji noýabra planlaşdyrylan saýlawlary tankytlap, çykyş etdi.
Separatistler saýlawlar arkaly regional parlamenti we täze lideri saýlajakdyklaryny aýtdylar. 31-nji awgustda Donetskiň separatist lideri Aleksandr Zaharçenko bombaly hüjümde öldürilipdi.